Rowaýat öwrülen «Cadillac Escalade» ulagynyň täzelenen nusgasy hödürlendi
19 Iýul
Rowaýat öwrülen «Cadillac Escalade» ulagynyň täzelenen nusgasy hödürlendi

Üç ýyl mundan ozal döwrümiziň iň üstünlikli «Cadillac» awtoulagynyň — doly göwrümli «Escalade» nusgasynyň bäşinji nesli çykypdy. Geçen ýyl bolsa onuň üsti nusgawy ulag bilen hiç hili meňzeşligi bolmadyk elektrik «Escalade IQ» bilen ýetirildi. Indi bolsa adaty «Escalade» elektrik modeline has meňzeş görünýän nusgadaky görnüş bilen täzelendi.

Muňa mysal hökmünde «Escalade» ulagynyň yşyklandyryş tehnologiýasyndaky meňzeşliklere ünsi çekmek ýerlikli bolar. Radiator gözenekleri has-da ulaldy. Firmanyň logotipi indi yşyklandyrylýan görnüşde hödürlendi. Munuň ulagyň daşky görnüşine tasirini ýetirjekdigi bellenilýär. Arka tarapda täze yşyklar, özboluşly bamper we turbalar peýda boldy. Gabaranyň daşky reňk palitrasyna üç sany täze öwüşgin goşuldy we goşmaça töleg esasynda 24 dýuýmlyk tigir hödürlenýär.

Ulagyň salonynda indi düýbünden täze panel bar, çözgütleriniň köpüsi «Escalade IQ» elektrik ulagyndan alnan. Ondaky ekranlar kabinanyň tutuş giňligini tutýar: gurallar we media ulgamy diagonaly 35 dýuýmlyk äpet «telewizorda» ýerleşýär we öňdäki ýolagça 20 dýuýmlyk ekran ýetýär. Merkezi bölekde howanyň gözegçiligini üpjün edýän üçünji ekran hem bar. Bu duýgur (sensor) mümkinçilikleriniň ählisiniň üsti 128 reňkli kontur yşyklandyrylyşy we kämilleşdirilen materiallar bilen ýetirilýär.

Ikinji hatar oturgyçlar üçin kaşaň nusgany sargyt etmek elýeterli boldy. Mundan başga-da, duýgur ekranly «buýruk merkezi», geçirijisiz goşa energiýa beriş panelleri we süýşýän stol bilen yzky konsol goşulýar. Mundan başga-da, bu nusgada iki sany planşet (hersi 12,6 dýuým) we massaž edýän oturgyçlar bar. Adaty ses ulgamynda 19 dinamika, galyberse-de, islege görä taýýarlanýan «AKG» markasynda 40 ses güýçlendiriji ýerleşdirildi. Gapylaryň bäşisi hem elektrik ulgamy bilen işledilip bilner.

Ýeke-täk tehniki üýtgeşiklik — 3.0 setirli alty silindrli turbodizeliň (281 at güýji) terk edilmegi. Ýöne kuwwatly V8 hereketlendiriji saklanyp galdy, standart nusga 426 at güýjüne barabar bolan kuwwaty özünde jemleýär. Ähli nusgalar on tizlikli awtomatiki geçiriş, howany sazlaýyş ulgamy we «Magnit Ride Control» uýgunlaşdyryş amortizatorlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem