Aşgabat şäheriniň häkimligi «Merkezi elektron ulgam» taslamasyny işläp taýýarlady
20 Iýul
Aşgabat şäheriniň häkimligi «Merkezi elektron ulgam» taslamasyny işläp taýýarlady

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin «Merkezi elektron ulgam» taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Bu barada 19-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda wise-premýer B.Annamämmedow aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uly işler amala aşyrylýar, halkara ülňülere laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen, sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ilata edilýän jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmek, raýatlaryň hyzmatlar üçin töleglerini onlaýn usulda töläp bilmekleri babatda oňaýly şertleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin «Merkezi elektron ulgam» taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Taslamanyň işe girizilmegi bilen, paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, binalaryň, öýleriň, raýatlaryň hasabat sanawynyň döwrebap usullarda ýöredilmegi ýola goýuldy. Şeýle-de ilata jemagat hyzmatlaryny hödürleýän edara-kärhanalaryň öz hyzmatlarynyň hasabatyny elektron görnüşde ýöretmäge mümkinçilik döretdi.

Aşgabat şäher häkimliginiň sanly hyzmatlar portaly we «Sanly şäher» atly mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilip, olar hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mundan başga-da, ilata hödürlenilýän jemagat tölegleri bir penjire ulgamy bolan döwlet hyzmatlar portalynda (e.gov.tm), ýurdumyzda giňden ulanylýan mobil goşundylarda ýerleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylýandygyny belledi. Ilata hödürlenilýän jemagat hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlaryň hyzmatlaryň töleglerini sanly ulgamyň üsti bilen töläp bilmekleri üçin oňaýly şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde «Merkezi elektron ulgam» taslamasyny ornaşdyrmagy yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

«Merkezi elektron ulgam» taslamasy hakyndaky wideo «SalamNews» saýtynyň «Media» bölüminde tomaşa edip bilersiňiz.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem