Bäş gapyly «Mininiň» nobatdaky nusgasy tanyşdyryldy
20 Iýul
Bäş gapyly «Mininiň» nobatdaky nusgasy tanyşdyryldy

Hakyky «Mini» nähili bolmaly? Elbetde, bu sowala «üç gapyly nusga» diýip jogap berjek taraplar diýseň kän. Muňa garamazdan, olar bäş gapynyň has amatly we giňdigi bilen ylalaşarlar. Diňe bäş gapyly görnüşde hödürlenen «Mini Cooper S» üç gapyly nusgadan 172 mm uzyn we 72 mm ýokarlandyrylan tigir binýady bilen tapawutlanýar. Salonynyň has giň bolmagy we yza aýlanmagyň 11,4 m diametri ulagyň bäş gapyly nusgasynyň şäher üçin amatlylygyny üpjün edýär. 60:40 ölçegde ýygnalýan yzky oturgyçlar ýük üçin niýetlenen bölümiň göwrümini 275-den 925 litre çenli ýokarlandyrýar. Garaz, ulag ynamly hereket edýär.

Bäş gapyly «Cooper S» 204 ​​at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýän dört silindrli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Iň ýokary öwrüm mümkinçiligi — 300 Nm. «Eska» 6,8 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetýär. Onuň iň ýokary tizligi — 242 km.

Ulag içerki dizaýnyň we peýdaly elektron enjamlaryň minimallygyň täze ýörelgelerine esaslanýandygyny bellemelidiris. Aýlawlaýyn OLED-displeýini ulanmak arkaly ulagyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýa-da ses arkaly gözegçilik edip we dolandyryp bilersiňiz. «MINI Digital Key Plus» ulgamy smartfonyňyzy dostlaryňyz, maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen paýlaşyp boljak açara öwürýär hem-de awtoulag bilelikde dolandyrmagy aňsatlaşdyrýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem