Hytaý sagatda 400 km tizlik bilen hereket etjek wagon arabalaryny öndürdi
22 Iýul
Hytaý sagatda 400 km tizlik bilen hereket etjek wagon arabalaryny öndürdi

«CRRC» korporasiýasy kämilleşdirilen aýratynlyklary bolan täze wagon arabalaryny işläp taýýarladylar. Hünärmenler onuň ulanylmagynyň otlularyň energiýa sarp edişini 15%, tigirleriň we relsleriň könelmegini takmynan 30%, tehniki hyzmatyň çykdajylaryny 15% azaltjakdygyny belleýärler.

Wagonlaryň täze tigirli bölegi bilen enjamlaşdyrylan otlularyň tizliginiň sagatda 400 km çenli ýetip biljekdigi habar berildi. Şol bir wagtyň özünde synag diwarlygy tarapyndan täze önümde geçirilen barlagyň netijeleri tizlikli otlularyň iň ýokary tizliginiň sagatda 600 km ýetip biljekdigini görkezdi.

«CRRC» wagon böleginiň otlularyň köp aýratynlyklaryny kesgitleýän esasy komponentdigini aýtdy. Korporasiýanyň işläp taýýarlan täze önümi ekspress otlularynyň täze neslini döretmäge mümkinçilik berer.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem