Tehniki näsazlyk bütin dünýäde uçuşlaryň ýatyrylmagyna, otlularyň we banklaryň işiniň togtadylmagyna sebäp boldy
22 Iýul
Tehniki näsazlyk bütin dünýäde uçuşlaryň ýatyrylmagyna, otlularyň we banklaryň işiniň togtadylmagyna sebäp boldy

19-njy iýulda dünýäde uçarlaryň, otlularyň we bank ulgamlarynyň işine täsir eden uly göwrümli tehniki näsazlygyň bolandygy habar berildi. Bu waka millionlarça adamyň işine täsirini ýetirip, ulag we maliýe amallaryna çynlakaý päsgelçilik döretdi.

«CNN» tarapyndan habar berlişi ýaly, Amerikanyň iri awiakompaniýalarynyň — «Delta», «United Airlines» hem-de «American Airlines» ýaly taraplarynyň ähli uçuşlary ýatyryldy.

Türkiýäniň iň uly awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» hem petekleriň bronlanmagynda we bellige almakda kynçylyk döredýän global bökdençlik barada habar berdi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Berliniň howa menzili tehniki näsazlyk bilen baglylykda, irden 10-a (Aşgabat wagty bilen 1-e çenli) çenli işini togtatdy.

Awstraliýada elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi banklaryň, awiakompaniýalaryň we habar beriş serişdeleriniň, şol sanda «ABC» ýaýlymynyň işine täsirini ýetirdi.

«Sky News» bolsa tehniki kynçylyklar sebäpli, anna güni irden ýaýlymyň işini göni ýagdaýda gurap bilmeýändigini habar berdi.

Hindistandaky «Spicejet», «Akasa Air» we «Air India Express» ýaly awiakompaniýalar ýüze çykan meseleleri çözmek üçin işleýändiklerini mälim etdiler we ýolagçylara sabyrly bolmak çagyryşy bilen ýüzlendiler.

Ýaponiýanyň Narita howa menzilinde Günorta Koreýanyň «Jeju Air» ýaly dürli ýurtlardan howa gatnawlaryny guraýan kompaniýalarda tehniki kynçylyklar bellige alyndy.

Gonkongyň howa menzili häzirki ýagdaý sebäpli, «gyssagly çäreleri» girizdi. «South China Morning Post» neşiriniň habarynda bu howa menziliniň işgärleriniň bellige almak işlerini elde ýerine ýetirendikleri aýdylýar. Singapuryň we Malaýziýanyň howa menzillerindäki uçuşlaryň hem käbiri saklandy.

Beýik Britaniýanyň demirýol gatnawçylary hem tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi bolsa ýurtdaky käbir hassahanalarda tehniki kynçylyklaryň bardygyny aýan etdiler.

London gazna biržasy hem işiň sazlaşygynda ýüze çykan meseleler barada habar berdi.

«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy hem öz gezeginde X sosial ulgamynda «petekler, gatnawlara bellige aldyrmak we öňünden edilýän bellikler bilen baglanyşykly meseleler» barada duýduryş berdi.

«The Verge» tarapyndan hödürlenen habarda dünýädäki meseleleriň sebäbiniň «Microsoft Windows» operasion ulgamynyň näsazlygy bilen baglanylýar. Şol ýerde müňlerçe ulanyjynyň «gök ekrany» başdan geçirýändigi aýdylýar. Neşir adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykmagyna kiberhowpsuzlyk pudagynda işleýän «CrowdStrike» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan täzelenmäniň sebäp bolandygyny habar berdi.

«Microsoft» ýüze çykan näsazlyklaryň « netijelerini azaltmak üçin hereketler» utgaşdyrýandygyny aýtdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem