Gyrgyzystan ýerli awtoulag senagatyny goldamak üçin ulaglary gaýtadan işlemek ýygymyny girizmegi göz öňünde tutýar. Bu barada ýurduň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Aýnura Usenbekowanyň sözlerine salgylanýan «Tazabek» neşiri habar berýär.
«Gaýtadan işlemek senagatyny gorag mehanizmi hökmünde hödürläris we biz muny her hili ýagdaýda hem girizeris. Häzirki wagtda munuň üçin näçeräk çykdajy ediljekdigi belli däl, ykdysatçylar bu ugurda hasaplamalary alyp barýarlar» — diýip, ýolbaşçy 18-nji iýunda geçirilen «Tulpar Motors» gyrgyz-özbek awtoulag zawodynyň açylyşynda aýtdy.
Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, nyrhlary Tebigy baýlyklar ministrligi kesgitlär.
«Öň önümçiligimiz bolmansoň, bizde ulaglary gaýtadan işlemek senagaty ýokdy. Umuman, gaýtadan işlemek üçin ýygymlar dünýä ýüzünde amala aşyrylýar. Munuň içerki bazary hem-de daşky gurşawy goramak üçin ähmiýetli gural bolup durýandygy şübhesizdir» — diýip, Usenbekowa belledi.
Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi