«BMW» elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça «Mercedes-Benz» hem-de «Audi» brendlerinden öňe geçdi
23 Iýul
«BMW» elektrik ulaglarynyň satuwy boýunça «Mercedes-Benz» hem-de «Audi» brendlerinden öňe geçdi

Iň uly nemes brendleriniň elektrik ulaglarynyň önümçiliginde lapykeç bolmagynda galýandygy hemmämize tanyş bolsa gerek. «Mercedes-Benz» içerki ýangyç hereketlendirijilerini ösdürmek işine uly möçberde serişde ýatyrsa, «Audi» alyjylaryň isleglerini kanagatlandyryp bilmedik «Q8 e-tron» modelini çykarmagy bes eder.

Belki-de, ýagdaý elektrik awtoulaglary bilen bagly däldir?

«Belki, siz ony taýýarlap bilýän dälsiňiz!» — bu sözleri kärdeşleriniň elektrik-premium ussahanasyndaky synanyşyklaryny synlap «BMW» kompaniýasy aýdyp biler.

Aslynda, «BMW» 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda elektrik ulaglaryny ýollamagyny 22% ýokarlandyrdy. Şol döwürde «Mercedes-Benz» tarapyndan hödürlenýän elektrik awtoulaglary çärýek derejede azaldy, «Audi» bolsa öňküligine galdy.

Munuň sanlarda has gowy görünýändigini bellemelidiris. «BMW-niň» «i4» we «iX1» ýaly batareýa bilen işleýän modelleriniň ýollanylmagy 107 933 birlik boldy.

Şol döwürde «Mercedes-Benz» bary-ýogy 45 800 elektrik ulagyny satdy we «BMW-den» iki esseden hem gowrak yza galdy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem