Hytaýda täze «Toyota Land Cruiser Prado 250» nusgasy öndürilip başlandy
23 Iýul
Hytaýda täze «Toyota Land Cruiser Prado 250» nusgasy öndürilip başlandy

«FAW Toyota» bilelikdäki kärhanasy iň täze «Toyota Land Cruiser Prado 250» kysymly awtoulagyň önümçiligine başlady. Ulaglaryň ilkinji satuwynyň şu ýylyň awgustynda ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Hytaýda öndürilýän «Prado 250-niň» güýzde beýleki döwletlere ýetirilip başlanmagyna garaşylýar. Häzirki wagtda bolsa bu awtoulag, esasan hem, ABŞ-dan getirilýär.

Satuwdan öňki şertlerde «Land Cruiser Prado 250» Hytaýda 63,3-den 75,6 müň dollara durýar. Onuň bölek satuw bahalary has pes bolup biler.

Awtoulag dört reňkde hödürlener: bürünç, çal, ak we gara. Awtoulagyň iki «ýüzi» bar: esasy nusgalarda 70-nji ýyllaryň nusgawy «Land Cruiser» görnüşinde taýýarlanan tegelek çyralar, has gymmat görnüşde bolsa gönüburçly çyralar bar. Esasy nusga awtomatiki bukulma, elektrik sazlamak we ýyladyş bilen üpjün edilen yzky aýnalar, 7 dýuýmlyk ekranly sanly gural paneli we 10,25 dýuým diagonaly özünde jemleýän ekranly media ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Has kämilleşdirilen nusgada 12,3 dýuýmlyk iki ekran bar.

Ýolsuz ýerde hereket edýän ulagyň gabarasynyň ölçegleri — 4925 x 1940 x 1910 mm, tigir binýady — 2850 mm.

2,4 litrlik benzin turbo hereketlendirijisine esaslanýan gibrid elektrik güýç gurluşy 330 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýär we 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen enjamlaşdyrylyp, onuň ähli tigirleri hereket edýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem