«KamAZ Vega» awtobusy satylyp başlandy: Ulagyň gabarasy Russiýanyňky, geçiriji guty we ok bolsa Hytaýyňky
23 Iýul
«KamAZ Vega» awtobusy satylyp başlandy: Ulagyň gabarasy Russiýanyňky, geçiriji guty we ok bolsa Hytaýyňky

Geçen ýyl «KamAZ» kompaniýasy «KamAZ-4280 Vega» awtobusynyň önümçilikden öňki nusgasyny görkezdi, indi bolsa bu ulaglar müşderiler üçin elýeterli boldy: üç «Vega» jemgyýetçilik ulagy «Lipeskiniň awtobus çyzgydy» tarapyndan kärendesine alyndy. Şol bir wagtyň özünde bolsa täze awtobus üçin görnüş tassyklamasy diňe golaýda — 11-nji iýulda resmileşdirildi.

«Vega» ulagynyň esasy aýratynlygy asyl dizaýnyň LED çyralary, ýagny ruslarda öndürilen nusga bolup durýar. Ulagyň gabarasy hem Ulýanowskdäki «SimAZ» tarapyndan öndürildi. Emma enjamlar — 6 tizlikli mehaniki guty we hereketlendiriji ok Hytaýyňky. Göwrümi 3,8 litr bolan hereketlendiriji edil kuwwaty 154 at güýji bolan «Kompas-9» ýük awtoulagyna meňzeýär.

«KamAZ-4280» ulagynyň bahasynyň rus pul biliginden 10 million rubla barabar boljakdygy habar berildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem