Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Pariže bardy
24 Iýul
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Pariže bardy

26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynda geçiriljek ХХХIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýola düşen türkmen türgenleri Pariž şäherine bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Parižiň howa menzilinde türkmen ýygyndysynyň agzalaryny Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew, Ilçihananyň diplomatlary, Fransiýa—Türkmenistan dostluk assosiasiýasynyň wekilleri, Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň meýletinçileri, şeýle hem türkmen we fransuz ýaşlary garşyladylar.Türkmen ýygyndysy milli däp-dessurlarymyz esasynda, duz-çörekli garşylandy, topara agzalyk edýän gyzlara gül çemenleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň wekilleriniň dörtýyllygyň iň arzyly sport baýramyna gatnaşmagynyň ähmiýetini özünde jemlän duşuşyk ýatdan çykmajak duýgulara beslendi. Şeýle mähirli garşylaýyş dabarasy diňe bir türgenleri ruhlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iň ýokary netijelere ýetmäge ynamyny pugtalandyrdy. Türkmenistanyň olimpiýa wekiliýetine 19 adam agzalyk edýär.

Biziň türgenlerimiz sportuň dört görnüşi boýunça çykyş ederler: dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek hem-de ýeňil atletika. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän Olimpiýa oýunlary bütin dünýäniň iň gowy türgenlerini bir ýere jemleýär.

Pariže ugralmazynyň öňüsyrasynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde türkmen türgenlerini ХХХIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem