Täze «Audi Q7 2024» hödürlendi: Bäş orunlyk «Black Warrior» nusgasy goşuldy
25 Iýul
Täze «Audi Q7 2024» hödürlendi: Bäş orunlyk «Black Warrior» nusgasy goşuldy

«Audi» meşhur «Q7» ulagynyň 2024-nji ýyl üçin täzelenen görnüşini hödürledi. Täzelenen dizaýndan başga-da, onuň 5 orunlyk «Black Warrior» nusgasy peýda boldy. Modeliň başlangyç bahasy Hytaýda 86 800 dollar.

Sekizburçly radiator gözenegi has täsin bolup, awtoulag adaty LED çyralar bilen enjamlaşdyryldy we ýokarky nusgalarda 70 km/sag-dan ýokary tizlikde 600 metre çenli ýoly ýagtylandyrmaga ukyply lazer yşyklandyryjy LED çyralar bilen üpjün edildi.

«Audi Q7 2024-de» 12,3 dýuýmlyk sanly gurallar topary, 10,1 dýuýmlyk merkezi duýgur ekrany we 8,6 dýuýmlyk howany dolandyryjy ekran bar. Ulagyň içi deriden ybarat bolup, has gymmat bezeg derejesindäki howa çalşygy we massaž ediji öňdäki oturgyçlary, galyberse-de, köp reňkli daşky yşyklandyryş utgaşdyrylýar.

«45TFSI» nusgasy 195 kW kuwwatlylygy we 370 Nm öwrüm mümkinçiligi bolan dördünji nesil 2,0 litrlik turbo görnüşli hereketlendiriji — «EA888» bilen enjamlaşdyrylandyr. «55TFSI» 3,0 litrlik «V6 EA839» hereketlendirijisini 48 woltlyk ýumşak gibrid ulgamy bilen birleşdirip, 250kW güýji we 500 Nm öwrüm mümkinçiligini emele getirýär. Iki görnüş hem 8 tizlikli awtomatiki geçiriş we ähli tigirleri hereket edýän ulgam bolan «Quattro» bilen enjamlaşdyrylandyr.

Awtoulag uýgunlaşma howa asmasy we hereketiň ýedi tertibi bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, howpsuzlyk ulgamlarynyň arasynda hereket çyzyklaryny saklamak ulgamyny, lidar bilen uýgunlaşma dolandyryşyny we gijeki görüş mümkinçiligini bellemelidiris.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem