«Kia» täzelenen «K8» sedanyny hödürlemäge taýýarlanýar: awtoulagyň ilkinji ýokary hilli suraty we güýç gurluşy baradaky jikme-jik maglumatlar internetde peýda boldy.
Onuň ilkinji görkezilişiniň ertir — 25-nji iýulda guralmagyna garaşylýar. Içerki bazardaky satuwynyň awgust-sentýabr aýlarynda başlanmagy meýilleşdirilýär. Emma bular adaty benzin hereketlendirijileri bilen hödürlenýän nusgalar bolar, sentýabr-oktýabr aýlarynda gibrid güýç gurluşy bilen tapawutlanýan «K8» görnüşleri bazara çykar. Bu nusga awtoulagyň bahasyny takmynan 3 müň dollar ýokarlandyrar.
Suratdan görnüşi ýaly, dikligine gönükdirilen baş optikasy bilen täzelenen awtoulag kompaniýanyň iň täze önümleriniň — «Kia Sorento» we «Kia K4» nusgalarynyň stilinde öndüriler. Onuň salony barada aýdylanda bolsa, ulagyň bu bölegi «Kia EV9» flagmany bilen meňzeş bolar.