Owganystan Türkmenistanyň üsti bilen gazak bugdaýyny import etmegi meýilleşdirýär
26 Iýul
Owganystan Türkmenistanyň üsti bilen gazak bugdaýyny import etmegi meýilleşdirýär

Gazagystanyň wise-premýeri Serik Žumangarin Owganystanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň wekiliýetleri bilen bilelikde Beýneu däne terminalynda boldy we onuň ýagdaýy hem kuwwaty bilen tanyşdy. Bu barada Gazagystanyň Oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Şol gün owgan wekilleri Azyk korporasiýasynyň başlygy we Beýneu terminalynyň ýolbaşçylary bilen terminal arkaly galla üpjünçiliginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Beýneu terminalyndan Owganystana we Pakistana gazak bugdaýyny eksport etmek üçin möhüm hem durnukly ýoly guramak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin serhet ýakalarynda goşmaça ammarlary gurmak we Türkmenistanyň çäginden logistikany döretmek zerur bolup durýar. Gyzyklanýan taraplar gazak dänesi bilen üpjün etmek üçin täze eksport ýoluny döretmegiň jikme-jikliklerini öwrenmegi meýilleşdirýärler.

Meýdany 26 gektar bolan Beýneu terminaly Mangistau sebitiniň çäginde ýerleşip, gazak-türkmen serhedine göni girip biler. Bu 8 kilometrlik demirýoly we beýleki mümkinçilikleri bilen geljegi uly logistika merkezi bolup durýar.

Terminal bir wagtyň özünde 100 müň tonna däne saklap, günde 500 wagona çenli kabul edip, gaplanan görnüşde we däne daşaýjylarda ýylda 2 million tonna çenli bolan önümi ugradyp biler. Geljekde onuň kuwwaty has-da giňeldiler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem