Ilon Mask «Tesla Roadster» ulagynyň nobatdaky nesliniň önümçilige başlajakdygyny we onuň 2025-nji ýylda satuwa çykaryljakdygyny aýtdy.
«Tesla Roadster» kysymly ulagyň nobatdaky nesli ilkinji gezek 2017-nji ýylda tanyşdyryldy we onuň önümçiligi 2020-nji ýylda başlanmalydy. Muňa garamazdan, ol şondan bäri her ýyl yza süýşürilýär.
Mask «Teslanyň» «Roadsteriň» nobatdaky nesliniň täzelenen görnüşini şu ýylyň ahyrynda hödürlejekdigini, sebäbi awtoulagyň asyl dizaýnynyň eýýäm 7 ýaşandygyny we onuň 2025-nji ýylda bazara çykjakdygyny tassyklady.
«Teslanyň» 2024-nji ýylyň 2-nji çärýegindäki maliýe hasabatynda Maskdan ýene-de «Tesla Roadster» hakynda soraldy we baş direktor şu maglumatlary paýlaşdy: «Roadster» üçin niýetlenen dizaýnyň uly bölegini tamamladyk. Meniň pikirimçe, entek käbir böleklerini gowulandyrmak, kämilleşdirmek isleýäris. Biz «Roadsteriň» önümçiliginiň geljek ýyl başlanmagyna garaşýarys. Bu özboluşly önüm bolar».