Senatorlar Azow basseýninde deňiz terminalyny gurmagy teklip etdiler
27 Iýul
Senatorlar Azow basseýninde deňiz terminalyny gurmagy teklip etdiler

Federasiýa Geňeşi Primorsk-Ahtarskdan Mariupol we Berdýansk şäherine parom terminalyny gurmagy teklip etdi. Hünärmenler Azow basseýninde deňiz infrastrukturasynyň giňelmegi täze sebitlere we Kryma ýük daşamagyň möçberini dört esse — ýylda 110-115 million tonnadan hem ýokary derejä çykarmaga kömek etjekdigini çaklaýarlar.

Bilermenleriň pikiriçe, gurluşygyň bahasy rus pul birliginden takmynan 30 milliard rubl bolup biler, bu sebitde ulag howpsuzlygy meselesini bolsa harbylar üpjün etmeli.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem