«Toyota» gibrid ulaglarynyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär
27 Iýul
«Toyota» gibrid ulaglarynyň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär

«Toyota» 2030-njy ýyla çenli ABŞ-nyň bazarynda hödürlenýän markanyň ähli esasy modellerini gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylmagy meýilleşdirýär.

Bu barada «Toyota Motor North America» kompaniýasynyň daşky gurşawyň durnuklylygy boýunça sebit müdiri Kewin Battanyň sözlerine salgylanýan «Nikkei Asia» habar berýär.

«Toyota» we «Lexus» häzirki wagtda ABŞ-nyň gibrid awtoulaglarynyň bazarynyň takmynan 60 %-ini tutýar we 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda elektrik ulaglaryna islegiň azalmagy bilen, ýapon awtoulag öndürijisi gibridlere maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýär.

Demirgazyk Amerikanyň bazaryndaky esasy «Toyota» eýýäm «Camry» sedanyny hem goşmak bilen modelleriniň birnäçesini gibrid görnüşde hödürleýär. Bu ýyl «Crown Signia» sport krossoweri diňe benzo-elektrik görnüşinde satuwa çykarylar.

«Toýotanyň» elektrikleşdirilen nusgalarynyň satuwy ýanwar — iýun aýlary aralygynda 66% ýokarlanyp, 410 000 birlige ýetdi. Bu waka «Camry» ulagynyň diňe gibrid nusgasynda satylandygy bilen baglydyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem