«Toyota» 2022-2023-nji ýyllaryň «Tundra» hem-de «Lexus LX» ulaglarynyň ýüz müň nusgasynyň hereketlendirijisini tölegsiz çalşyp berer
27 Iýul
«Toyota» 2022-2023-nji ýyllaryň «Tundra» hem-de «Lexus LX» ulaglarynyň ýüz müň nusgasynyň hereketlendirijisini tölegsiz çalşyp berer

«Toyota» şu ýylyň maýynda 3,4 litrlik goşa turbo görnüşli V6 hereketlendirijisi bolan «Toyota Tundra» we «Lexus LX600» kysymly awtoulaglaryň yzyna ýagnalandygyny habar berdi. Şol döwürde kompaniýa yzyna ýygnamak bilen, abatlaýyş işleriniň bolup biljekdigine bil baglapdy, ýöne indi başga bir karar kabul edildi: hereketlendirijiler düýbünden täzelener.

Yzyna ýygnamak 102 092 ulaga degişlidir: 98568 «Tundra» we 3524 «LX600». Mesele awtoulaglary ýygnamak wagtynda hereketlendirijilere düşen galyndylar bilen bagly. Bu galyndylar hereketlendirijiniň käbir bölekleriniň işlemezligine sebäp bolup biler. Netijede, hereketlendirilende hereketlendiriji şowsuz işläp biler. Bu mesele heniz ýol-ulag hadysasynyň döremegine sebäp bolmady, ýöne yzyna gaýtarmak resminamalarynda 824 hereketlendirijiniň kepilligi boýunça talaplar görkezilýär. «Toyota» ähli zyýan çeken ulaglaryň hereketlendirijilerini tölegsiz esasda çalyşjakdygyny aýtdy.

Yzyna ýygnamak 2021-nji ýylyň 2-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 13-nji fewralyna çenli öndürilen «Toyota Tundra» we 2021-nji ýylyň 30-njy iýulyndan 2022-nji ýylyň 25-nji noýabryna çenli çykarylan «Lexus LX600» kysymly ulaglara degişlidir.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem