Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
29 Iýul
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Şunda gurluşyk işlerinde iň täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy iş tejribesiniň netijeli peýdalanylmagy ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Milli Liderimiz Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny, önümçilik toplumynda işgärleriň netijeli işini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Şunda ekologik kadalaryň berk berjaý edilmegi, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy möhüm talap bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we görkezilen taslamalar babatda birnäçe bellikleri aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurulýan desgalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow desgalaryň daşky bezeg aýratynlyklary, olarda ulanylýan mermer daşlarynyň görnüşleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde «akylly» şäheriň binalarynyň timarlaýyş işlerinde ulanylýan serişdelere, mermer daşlarynyň hil derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa işleriň ýokary ekologik talaplara, halkara ülňülere doly laýyk gelmegini şertlendirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Täjigistan Respublikasynda saparda bolan mahalynda dostlukly ýurtda öndürilýän mermer daşlarynyň hiline ýokary baha beripdi. Bellenilişi ýaly, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Täjigistanda saparda bolup, ol ýerde mermer daşlarynyň önümçiligi bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy hyzmatdaş ýurtlardan getirilýän mermer we beýleki bezeg daşlarynyň ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan gaýtadan işlenilip, zerur bolan şekilleriň döredilmeginiň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, ýerli işewürleriň elinden çykan bezeg daşlarynyň we germewleriň täze desgalaryň gurluşygynda, timarlaýyş işlerinde ulanylmagyny oňlady.

Hormatly Arkadagymyz önümçilik toplumlarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Liderine şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň, şol sanda Çeper halyçylyk kärhanasynyň taslamalary görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda bu ýerde guruljak binalaryň we kärhanalaryň taslamalary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy, degişli düzedişleri girizdi.

Şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyrylmalydyr. Önümçilik toplumlarynyň işine sanly ulgam we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylmalydyr.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bellenilişi ýaly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» önümçilik toplumyna bu ýerde öndürilýän önümleriň ekologik menejment talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 14001; bu kärhananyň lukmançylyk önümleriniň menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky ISO 13485; toplumdaky duz önümçiliginiň menejment hil ulgamynyň talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 güwänamalary berildi. Munuň özi ýurdumyzdaky lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen önümleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäheriň ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek bilen baglanyşykly işleriň talabalaýyk derejede dowam etdirilýändigi we bu işleriň yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygy barada aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz şäherde abadanlaşdyryş işleri bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, olary göçürip getirmek meselelerine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gahryman Arkadagymyz dürli maksatly desgalar bina edilende, olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, gurluşyk işlerine we bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini ýene bir gezek belläp, hemmelere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem