«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag serişdeleriniň hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny satyn almak üçin bäsleşik yglan edýär
29 Iýul
«Türkmenawtoulaglary» agentligi awtoulag serişdeleriniň hereketlendiriji we herekete geçiriji ýaglaryny satyn almak üçin bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlere teklip edilýär:

- gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk statusyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça talapnama bermeli;

- bäsleşige gatnaşyjy taraplar önüm öndüriji ýa-da onuň resmi dilleri bolmaly;

- 700 (ýedi ýüz) manat (taraplaryň ylalaşygy boýunça dahylsyzlar 200 (iki ýüz) amerikan dollary) möçberinde bäsleşik ýygymyny tölemeli;

- tehniki tabşyrygy almaly.

Bäsleşik ýygymyny tölemek üçin hasaplaşyk hasaby ýazmaça talapnamanyň hödürlenen güni beriljekdir.

Bäsleşik teklipleri ýapyk we möhür bilen tassyklanan bukjalarda kabul edilýär we bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşik ýygymynyň tölenendigi barada töleg tabşyrygy görkezilen ýagdaýynda seredilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilenden soň 30-njy iş güni sagat 12.00-a çenli şu görkezilen salgy boýunça kabul edilýär:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 126. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi.

Sowallar boýunça telefon belgileri: 39-03-90, 39-03-40.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem