Dünýäniň awtoulag daşaýan iň uly gämisine 7600 ulag ýerleşýär
29 Iýul
Dünýäniň awtoulag daşaýan iň uly gämisine 7600 ulag ýerleşýär

Hytaý döwlet gämi gurluşyk korporasiýasy tarapyndan gurlan «SAIC Anji Jincheng» atly ullakan rolker (ro-ro) görnüşli gämi «SAIC» öndürijisine gowşuryldy. Şeýlelikde, «SAIC-niň» floty 32 gämä çenli giňeldildi.

Bu uzynlygy 200, ini 38 metr bolan 13 gatly gämi bolup, suw ýollary arkaly 40 000 tonnadan gowrak ýüki daşamak mümkinçiligine eýelik edýär. Onda awtoulag daşamak üçin 7600 ýer bar. Öndüriji gaminiň güýç gurluşynyň kömürturşy gazyny 30% azaldyp biljekdigini öňe sürýär. Bu dünýädäki awtoulag daşamak üçin niýetlenen iň uly gämi. Öň goýberilen «BYD Explorer №.1» rolkeri bolsa 7000-e çenli ulag daşap bilýärdi.

«SAIC» ýanwar — iýun aýlarynda «SAIC» ulaglarynyň daşary ýurt bazarlaryna iberilmeginiň 554 000 ulaga ýetendigini, munuň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13,9% ýokary görkezijidigini resmi taýdan habar berdi. Kompaniýa Hytaýyň awtoulag kompaniýalarynyň arasynda global daşamalar boýunça öňdebaryjy bolmagyny dowam etdirýär.

Ýewropanyň awtoulag bazarynda «SAIC MG» «Tesladan» hem öňe geçip, satuwy boýunça ilkinji 20 brendiň hataryna girdi. Şu ýylyň başyndan bäri «SAIC MG-niň» Ýewropa bazaryna iberen önümleriniň sany 120000 birlikden geçdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem