«Owlet» startapy elektrik welosipedleriniň dünýäsine degişli «One» atly täze önümini hödürledi. Ýeňil we ykjam welosiped üýtgeşik görnüşi, ýokary kuwwaty, çarhynyň we pedallaryň ýoklugy bilen tapawutlanýar.
Elektrik welosipedine meňzeýändigine garamazdan, «Owlet One» skuterdir. Işläp düzüjiler täze önümi döretmekde howa giňişliginden, dolandyryjysyz tehnologiýalardan, moda we şaý-sepler senagatynyň gazananlaryndan we energiýa pudagynyň üstünliklerinden ylham alandyklaryny aýdýarlar. Olaryň maksady «diňe bir ulag däl, eýsem, görnüşiň we wezipeleriň ajaýyp utgaşmasyny görkezýän çeper eser» döretmekdi.
Turba görnüşindäki ullakan alýumin çarçuwasynda aýryp bolýan 1500 Wt-lyk batareýa, goşa çyralar we ses yşyklaryny özünde jemleýän yzky tegelek çyra bar. Welosiped doly energiýasynda (zarýady doldurylanda) 96,5 km aralygy geçýär. Doly energiýa üpjünçiligi üç ýarym sagat dowam edýär.
Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi