«Toyotanyň» ýolsuz ýerde ýöremäge ukyply täze ulagy «RAV4-den» arzan bolar
29 Iýul
«Toyotanyň» ýolsuz ýerde ýöremäge ukyply täze ulagy «RAV4-den» arzan bolar

«Toyota» «Pradonyň» ornuny tutan täze «Land Cruiser 250» ulaglary üçin özboluşly stilini görkezdi. Indi bolsa ajaýyp görnüşi bolan beýleki bir model — «Toyota Land Cruiser FJ» taýýarlanýar we ol «RAV4» krossowerinden arzan bolar.

Täze «Toyota FJ» «Land Cruiser» ugrunyň iň amatly modeli bolar. «BestCarWeb» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, ýapon kompaniýasy bu awtoulagyny 2024-nji ýylyň ahyrynda hödürlär. Kiçijek «Toyota Land Cruiseriň» 2025-nji ýylda bazara çykmagyna garaşylýar.

Bu awtoulag takmynan 10 ýyl ozal bes edilen «Toyota FJ Cruiser» nusgasynyň mirasdüşeri bolar. Amatly bahadan ýerlenjek ulagyň «Land Hopper» diýlip atlandyryljakdygy öň aýdylypdy (bu at ýakynda patentlendi). Emma ahyrynda bu at elektrik skuterine geçdi.

Kompaniýanyň hünärmenleri täze awtoulagyň kuwwatynyň 163 at güýjüne deň bolan 2,7 litrlik benzin hereketlendirijisine esaslanjakdygyny habar berdiler. «Toyota Land Cruiser FJ-niň» bahasy takmynan 23 000 dollar bolar. Häzirlikçe bu deslapky san bolmagynda galýar.

Munuň özi «Toyota» kompaniýasynyň «Land Cruiser» nusgasyny «Land Rover» çyzgydynyň «Range Rover» modellerinde edişi ýaly, liniýany kiçi görnüşdäki marka öwürmek isleýändigini äşgär edýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem