Gazagystan «Demirgazyk-Günorta» geçelgesinde üstaşyr ýükler üçin 50% arzanladyş yglan etdi
29 Iýul
Gazagystan «Demirgazyk-Günorta» geçelgesinde üstaşyr ýükler üçin 50% arzanladyş yglan etdi

Astanada Gazagystan Respublikasy bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky Hökümetara hyzmatdaşlyk geňeşiniň egindeş başlyklarynyň — Serik Žumangarin we Alekseý Owerçugyň duşuşygy geçirildi. Bu barada 26-njy iýulda Gazagystan Respublikasynyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi. Şol habarda duşuşygyň rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirilendigi aýdylýar.

Metbugat beýanynda bellenip geçilşi ýaly, Serik Žumangarin «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini giňeltmäge gyzyklanmasyny we Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň 19-20-nji iýulda Aktauda geçirilen birinji «Demirgazyk — Günorta» ulag söwda we eksport forumyna işjeň gatnaşandygyny belledi.

«Ulag forumynda Gazagystan «Demirgazyk-Günorta» geçelgesinde ähli görnüşli ýükleriň üstaşyr geçişine 50 %-e çenli arzanladyş yglan etdi; Biz Russiýa, Türkmenistan we Eýran bilen bilelikde geçelgäniň gündogar şahasynyň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin ýol kartasyna gol çekdik» — diýip, Žumangarin belledi. — Biz «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasyny ösdürmäge gönükdirilip, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi üçin ileri tutulýan taslamalaryň çäginde rus hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde integrasiýa infrastruktura taslamalaryny hem durmuşa geçireris. Umuman aýdanyňda, biziň ýurtlarymyzyň arasynda senagat hyzmatdaşlygy ösýär — jemi 26,4 milliard dollarlyk 136 taslama üstünlikli durmuşa geçirildi we häzirki wagtda jemi 1,9 milliard dollarlyk 28 taslama amala aşyrylýar»

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem