Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
30 Iýul
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, beýleki degişli ýolbaşçylar çagyryldy. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy, käbir guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýerde welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşamak, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, bugdaý tohumlaryny, ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, gowaçanyň ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Güýzlük ýeralmany ekmek bilen bir hatarda, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiş möwsümine hem taýýarlyk görülýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Şeýle hem häkimler ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz R.Hojagulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow S.Soltanmyradowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi hem-de ony Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny dowam edip, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň direktory wezipesinde işleýän D.Babaýewi Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Ş.Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän M.Annanepesowy belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz O.Berdiliýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä T.Amanowany belledi hem-de ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz başga işe geçmegi sebäpli, A.Orazowany Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Ç.Akyýewany belledi.

Soňra oba hojalyk ministri Ç.Çetiýewe söz berildi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda bu ylmy-barlag institutlarynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli tohumlaryny öndürmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak maksady bilen, zerur işler dowam etdirilýär. Şeýle hem Döwlet ýer kadastryny ýöretmek boýunça işleriň çäklerinde zerur bolan tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyndaky özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, pudakda önümçilik-ykdysady gatnaşyklary has-da kämilleşdirmek, önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň, pagtanyň, şalynyň we gant şugundyrynyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak, olaryň tohumçylyk işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň binýadynda «Türkmenpagta» döwlet konserni, «Türkmengallaönümleri», Türkmenistanyň Azyk senagaty, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty, «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşikleri, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlan, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherinde Oba hojalyk pudagynyň edara binasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy açylyp ulanmaga berildi.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi. «Gaplaňgyr» we «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistan Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip barýan görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa goşuldy.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek, olaryň tutanýerli, öndürijilikli işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde, şu ýyl bereketli türkmen topragyndan jemi 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile hasyly ýygnalyp, uly zähmet ýeňşi gazanyldy.

Ýurdumyzda behişdi ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek, olary talabalaýyk idetmek, tohum arassalygyny gorap saklamak ugrunda zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Soňra Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowa söz berildi. Ol oba hojalyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, döwletimiz tarapyndan pudaga ägirt uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň karz serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Şu babatda berilýän döwlet goldawynyň çäklerinde kiçi we orta telekeçilige ýeňillikli bank karzlaryny bermek, hususy önüm öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin karzlary bermek babatda görkezijiler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz geçirilýän çäreleriň netijesinde edermen daýhanlarymyzyň uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, şu ýyl olaryň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny, 2 müň 150 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny, gowaçanyň hem bol hasylynyň ýetişdirilýändigini kanagatlanma bilen nygtap, oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny, sanly ulgamy önümçilige giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz pudakda halkyň sarp edýän azyk harytlarynyň görnüşleriniň we öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, döwlet tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň maksadalaýyk, netijeli ulanylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlen ýer serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, Döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagy, ýurdumyzyň suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça işleriň durmuşa geçirilmegi, suw ulgamynyň ýagdaýynyň seljerilmegi we olary gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülmegi babatda görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmegiň we arassalap durmagyň, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, şorlaşmagyna garşy göreşmegiň, zeýkeşleri arassalamak işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň özboluşly ekoulgamlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere berk gözegçilik etmegi, maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ösdürmek üçin öňdebaryjy usullary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda işleri dowam etdirmegi, atçylygy ösdürmäge uly üns berip, atlaryň baş sanyny köpeltmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň welaýatlarda öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleriň görülmeginiň, sebitlerde desgalaryň we binalaryň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna, hiline berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň hem ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlardaky mekdeplerde abatlaýyş işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin häzirden gowy taýýarlyk görüp başlamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem