Rasselliň ýeňşi hasaba alynmady, Hemilton ýeňiji diýlip yglan edildi
30 Iýul
Rasselliň ýeňşi hasaba alynmady, Hemilton ýeňiji diýlip yglan edildi

«Formula-1» boýunça möwsümiň 14-nji ýaryşy Belgiýada geçirildi. Ýurduň Stawelo şäherindäki «Spa-Frankorşamps» trassasynda geçirilen ýaryş ýatda galyjy wakalara baý boldy. Jerimeler bilen ýatda galjak ýaryşda aslynda «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Ferstappen ilkinji hatardan başlamaga hukuk gazandy. Ýöne ol düzgüni bozandygy üçin 10 orunlyk jerime aldy we «Ferrari» toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler ilkinji bolup ýaryşa başlady.

7 kilometrlik 44 aýlawy «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassel birinjilik bilen tamamlady. Ýöne ýaryşdan soň, hatda baýrak gowşurylyş dabarasyndanam soň onuň ulagynyň agramy düzgüne gabat gelmeýän agramda bolandygy üçin Rasselliň ýeňşi hasaba alynmady. Netijede, ýaryşy 1 sagat 19 minut 57,566 sekuntda tamamlan «Mercedes» toparynyň beýleki britan sürüjisi Lýuis Hemilton ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji, karýerasy boýunça-da 105-nji ýeňşi diýlip hasaba alyndy.

Ýaryşda «McLaren» toparynyň awstraliýaly sürüjisi ýeňijiden 0,647 sekunt yza galyp, 2-nji orny eýeledi. Ýeňijiden 8,023 sekunt soň pellehana gelen Şarl Lekler münberiň 3-nji basgançagyna çykdy. Bassyr 4 ýaryşdan bäri ýeňiş gazanyp bilmän gelýän Maks Ferstappen 4-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.

Bir aýlyk arakesme beriljek F1 ýaryşlarynda 14 «Gran Priden» soň Maks Ferstappen 277 utuk bilen öňdeligini saklap gelýär. 2-nji ýerdäki Lando Norrisiň 199, 3-nji orundaky Şarl Lekleriň 177 utugy bar.

Möwsümiň 15-nji ýaryşy 25-nji awgustda Niderlandlarda geçiriler.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem