Bu ýerdäki 200 belgisi üç modeli öz içine alýan tapgyryň belligi: 200 — 173 at güýjüne deň bolan kuwwata eýelik edýän 2.0 litrlik hereketlendiriji we wariator; 260 — 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen jübütlenen 2,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisi; 300h — 178 at güýjüne barabar bolan hereketlendirijä esaslanýan 2,5 litrlik gibrid. Soňky nusgada «Toyota Camry» nusgasynyň dokuzynjy nesliniň güýç gurluşy ulanylýar. Umuman aýdanyňda, «Lexus ES» — «Camry» kaşaň görnüşi.
Hytaýda awtoulagyň bahasy 41,4 müň dollardan başlanýar — esasan hem, onuň 2.0 litrlik hereketlendirijisi bilen tapawutlanýan nusgasyna isleg uly. Ýöne enjamlar öňküsinden has kämilleşdirildi: Eýýäm onuň binýatlyk nusgasynyň öňdäki oturgyçlarynda howa çalşyjy ulgamynyň, yzky aýnada bolsa Günüň şöhlesinden goraýjynyň, yzky aýnalaryň ýagdaýyny utgaşdyryjynyň, sürüjiniň oturgyjynyň we ruluň kämilleşdirilen wezipesiniň, tebigy agaçdan taýýarlanan öň paneliň bezeginiň bolmagy onuň kämilleşdirilen aýratynlyklarydyr. Bu mümkinçilikleriň üstüni smartfona geçirijisiz zarýad bermek mümkinçiligi ýetirýär.
Şeýle hem öňki we yzky duýduryjy datçikler, 7 dýuým sanly gural paneli we sürüji üçin täze kömek ulgamlary bar. Sedanyň ölçegleri — 4975 x 1866 x 1447 mm, tigir binýady — 2870 mm.