«Mazda» logotipini täzeledi
31 Iýul
«Mazda» logotipini täzeledi

Täze logotipde «Mazdanyň» ganatlarynda birneme täzelenen dizaýn bolup, ol has ýiti çyzyklar bilen utgaşdyrylýar.

Öňki nyşanyň metaldan kesilen ýaly görünýändigine garamazdan, täze dizaýn häzirki awtoulag tendensiýalaryna laýyklykda bir ölçegliligi bilen tapawutlanýar.

Logotipiň köne hem-de täze nusgasy: Ýokarda köne, aşakda bolsa täze logotip

Kompaniýanyň iň soňunda «Mazda» görnüşine çenli gelip ýeten ilkinji nyşanyny goşmak bilen, bu ýapon awtoulag öndürijisiniň nyşanynyň 16-njy gezek çalşylmasydyr. Şeýle-de bolsa, «Mazda» ilkinji gezek 1997-nji ýylda «V-ganatyň keşbi» nyşanyny hödürledi.

Awtoulag öndürijisiniň web sahypasynda aýdylyşyna görä, V görnüşindäki ganatlar kompaniýanyň «güýçli hem yzygiderli ösüşini üpjün etmek üçin üznüksiz kämilleşmäge» ygrarlydygyny, şeýle hem «çeýe pikirlenmesini, döredijiligini, janlylygyny, hoşniýetliligini we çydamlylygyny» görkezýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem