«Brabus» tarapyndan taýýarlanan «Mercedes-AMG GLE 800 Coupe» hödürlendi
31 Iýul
«Brabus» tarapyndan taýýarlanan «Mercedes-AMG GLE 800 Coupe» hödürlendi

«Brabus» tarapyndan hödürlenen «Mersedes-AMG GLE 800 Coupe» 812 at güýji we 1016 Nm öwrüm mümkinçiligini özünde utgaşdyrýan iki turbinaly 4.0 litrlik V8 hereketlendirijisini aldy.

Awtoulag iň ýokary tizligine — 314 km/sag görkezijä kynçylyksyz ýetip biler we 0-dan 100 km/sag görkezijä bary-ýogy 2,9 sekuntda tizlenip biler. Munuň özi adaty «Mersedes-AMG GLE 63 S 4Matic + Coupeden» 0,8 sekunt çaltdyr.

«Brabus» awtoulagyň beýleki böleklerini hem täzeledi. Ol doly göwrümli gabara toplumyny, täze radioator gözeneklerini, poslamaýan polatdan taýýarlanan iş ulgamyny, täzelenen saklaýyş enjamlaryny, garaldylan çyralary we öwüşgin çaýylan penjireleri özünde jemleýär. Asma ulgamy 20 mm peseldi we enjamda 24 dýuýmlyk tigir bar.

Awtoulagyň içinde karbon önümleri, ýyldyz yşyklaryny jemleýän potolok hem-de alkantara bölekleri bilen gara deri bezegleri ornaşdyryldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem