Nikkei: «Demirgazyk – Günorta» geçelgesi rus-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
31 Iýul
Nikkei: «Demirgazyk – Günorta» geçelgesi rus-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi heniz doly kuwwatynda işlemeýändigine garamazdan, eýýäm Ýewraziýa bilen gatnaşyklaryň standartlaryny üýtgedýär. Bu barada «Nikkei» tarapyndan berlen habarda beýan edilýär.

Hususan-da, bu ozal syýasy ýa-da goranyş meseleleri bilen çäklendirilen Moskwa bilen Nýu-Deliniň arasyndaky gatnaşyklara degişlidir. Şeýle-de bolsa, munuň özi häzirki wagtda «Demirgazyk – Günorta» geçelgesiniň taslamalarynyň öňe sürülmegi bilen, Russiýa Federasiýasy hem Hindistan üçin möhüm ykdysady ugra öwrülýär.

Geçen ýyl Hindistanyň Russiýa eksporty 4,26 milliard dollar, esasan hem, nebit we nebit önümleriniň importy 61,43 milliard dollar boldy. Bu bolsa Moskwanyň peýdasynadyr. Umuman alanyňda, söwda dolanyşygy geçen ýylky 49,36 milliard dollarlyk görkeziji bilen deňeşdirilende 33% ýokarlandy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem