«Mitsubishi Motors» «Honda» hem-de «Nissan» bileleşigine girer
31 Iýul
«Mitsubishi Motors» «Honda» hem-de «Nissan» bileleşigine girer

«Mitsubishi Motors» bazardaky ornuny berkitmek üçin «Honda» we «Nissan» bileleşigine goşular. «Nikkei» gazetiniň habaryna görä, kompaniýalaryň arasynda özara şertnama baglaşyldy we eýýäm birleşmek boýunça gepleşikler başlandy. Täze awtoulag birleşigi programma üpjünçiligini standartlaşdyrmagy we önüm ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär.

«За рулем» žurnalynyň baş redaktory Maksim Kadakowyň pikiriçe, bu konsernler Hytaý bilen elektrik ulaglary pudagyndaky bäsdeşlik boýunça birleşdi we «Nissan» bu işiň ugruny kesgitlär.

«Honda», «Nissan» we «Mitsubishi» kompaniýalaryny birleşdirýän bileleşiginiň yglan edilen önümçilik möçberi ýylda 8 milliondan gowrak awtoulagy öndürmäge niýetlenendir. Şeýlelikde, bu ýapon bazaryndaky derejesi boýunça «Toyota Motordan» soňky ýeri — ikinji uly «oýunçy» bolar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem