Täze «KamAZ K5» maşgalasy has kämilleşdirildi
01 Awgust
Täze «KamAZ K5» maşgalasy has kämilleşdirildi

«KamAZ K5» maşgalasy ösüşini täze modeller bilen dowam etdirýär: Naberežnyý Çelny giganty ýörite tehnika öndürijisi bolan «Rustrak» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde «KamAZ-65658-B5» nusgasyny hödürledi. «KamAZ» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, bu awtoulag belli bir temperatura düzgünini talap etmeýän harytlary daşamak üçin niýetlenendir. Yzky ok awtomatiki esasda ýokary galýar we peselýär.

«KAMAZ-65658-B5» yzky ýokary galýan gapylary, süýşýän taraplary we süýşýän üçegi bilen tapawutlanýar — munuň özi ýüklemek we düşürmek mümkinçiliklerini ýeňilleşdirýär. Onuň ýük göterijiligi — 15,2 tonna.

Ýük awtoulagyna 300 at güýji bolan alty silindrli hereketlendiriji ornaşdyryldy we 12 tizlikli robotlaşdyrylan geçiriş gutusy bilen üpjün edildi. Kabinadaky mümkinçiliklere salony sowadyjy we uly ekranly media ulgamy girýär.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem