Täze «Mitsubishi ASX» has kuwwatly hereketlendiriji bilen hödürlener
02 Awgust
Täze «Mitsubishi ASX» has kuwwatly hereketlendiriji bilen hödürlener

Häzirki «Mitsubishi ASX» ulagynyň Ýewropa üçin tanyşdyrylyşy birnäçe aý ozal bolupdy. Indi bolsa awtoulag iň güýçli hereketlendirijä eýe bolar: «ýumşak» gibrid elektrik gurluşy 158 at güýjüne barabar bolan kuwwaty utgaşdyrýar.

Şoňa çenli «Mitsubishi ASX» 91, 140 we 143 at güýji bolan hereketlendirijiler bilen satylypdy. Şonuň üçin hem, nobatdaky ösüş 143 at güýjünden has uly bolmasa-da, göze ilýär. 158 at güýji bolan gibrid elektrik gurluşynda iki gysgyçly 7 tizlikli «robot» geçirijisi bar.

Iň güýçli «Mitsubishi ASX» Ýewropada iki görnüş derejesinde elýeterlidir: «Intense +» — 37 690 ýewro, has kämil derejede enjamlaşdyrylan «First Edition» — 39 190 ýewro.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem