«Toyota» brendi satuwy boýunça birinjiligi elden bermeýär
02 Awgust
«Toyota» brendi satuwy boýunça birinjiligi elden bermeýär

«Toyota» yzly-yzyna bäşinji ýyl dünýäde öňdebaryjy awtoulag öndürijisi diýlip yglan edildi. Şu ýylyň birinji ýarymynda kompaniýa 5,16 million täze awtoulag satdy. Bu sanawda «Daihatsu» we «Hino» brendleri-de bar.

2023-nji ýylyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende, satuwynyň 4,7 göterim peselendigine garamazdan, «Toyota» kompaniýasy öňdebaryjy bolmagynda galýar. Hünärmenler muny hytaý awtoulag öndürijileriniň baha bäsdeşliginiň ýokarlanmagy, şeýle hem Ýaponiýanyň awtoulag brendleri bilen bagly dörän meseleler esasynda, önümçiligiň wagtlaýyn togtadylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

«Toyota» konserniniň ýylyň birinji ýarymynda dünýädäki önümçiliginiň 9,8 göterim azalyp, 5,07 million ulaga düşendigi aýdyňlaşdyryldy. Içerki satuwlar 32,0% pese gaçyp, 823 595 birlige, daşary ýurtdaky satuwlar bolsa 3,1% ýokarlanyp, Demirgazyk Amerikada we Ýewropada bildirilýän uly isleg sebäpli, 4,34 million awtoulag boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem