«Moskwiç 8»: Ilkinji üç hatar orunlyk rus krossoweri görkezildi
03 Awgust
«Moskwiç 8»: Ilkinji üç hatar orunlyk rus krossoweri görkezildi

1-nji awgustda açylan «Mane stansiýasy. Moskwa ulagy 2030» atly sergide «Moskwiç» awtoulag zawody ilkinji gezek täze modelini — ýedi orunlyk «Moskwiç 8» krossowerini görkezdi. Markanyň wekilleriniň aýdyşy ýaly, onuň satuwlary şu ýylyň ahyryna başlamak meýilleşdirilýär.

Ýedi orunlyk ulag — «Moskwiç» çyzgydyndaky iň uly we kuwwatly model. Täze krossoweriň uzynlygy 4824 mm, tigir binýady 2830 mm. Kapotyň aşagynda 7 tizlikli robotlaşdyrylan geçiriş gutusy bilen utgaşdyrylan hem-de 174 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýän GDI benzinli hereketlendiriji bar.

Ulagda 12,3 dýuýmlyk sanly gural paneli, smartfona geçirijisiz energiýa bermek mümkinçiligi, daş-töweregi aýlawlaýyn görmek ulgamy we beýleki döwrebap nusgalar bilen bir hatarda «Apple CarPlay» hem «Android Auto» goldawy bar.

Elbetde, bu rus inženerleriniň öz işläp taýýarlan önümi däl, diňe «Sehol X8 Plus» ady bilen belli bolan Hytaýyň «JAC» modeli. Olar önüme öz atlaryny ýerleşdirdiler.

Awtoulag zawody şu wagta çenli täze krossowerini köpçülige hödürlemedi. Şeýle-de bolsa, şu ýylyň maýynda bu awtoulag Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýaniniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň çäginde kärhananyň metbugat wekillerine görkezildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem