Hytaýyň konteýner akymy we Uzak Gündogaryň portlary
03 Awgust
Hytaýyň konteýner akymy we Uzak Gündogaryň portlary

Konteýnerleri Hytaýdan Moskwa demir ýol arkaly daşamak üçin bahalar ýylyň başyndan bäri 50 %-den hem gowrak ýokarlandy. Iýul aýynda «Sian – Moskwa» ugrunda 40 futlyk konteýner daşamak üçin çykdajylar iýun aýy bilen deňeşdirilende, 7% ýokarlandy we 7 müň dollardan geçdi. Şanhaýdan Guançžou şäherine uzaýan ugur boýunça bahalar 8 müň dollardan gowrak boldy. Iýun aýyna garanyňda has haýal bolsa-da, bahalaryň ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Bu barada Bahalaryň indeksleri merkeziniň maglumatlaryna esaslanýan «Коммерсантъ» habar berýär.

Uzak Gündogardan demir ýol bilen konteýnerleri ibermegiň nyrhy iýul aýynda 14% ýokarlandy we 40 futlyk konteýner üçin 295 müň rubl boldy. Bahalaryň indeksleri merkezi awgust aýynda hem bu görkezijiniň ösmegine garaşýar. Konteýnerleri Hytaý portlaryndan Russiýa Federasiýasynyň Uzak Gündogar portlaryna eltmegiň bahasy 11-31% ýokarlandy we konteýneriň ugruna we görnüşine baglylykda, 2,2-4,8 müň dollara ýetdi.

Uzak Gündogaryň kenarýaka we içerki terminallary Hytaýdan konteýnerleriň akymynyň gelmegine garşy göreşmegi bes etdiler, ammalaryň 95 %-den hem gowragy eýýäm doldy diýen ýaly. Bu mesele serhet geçelgelerine-de täsir etdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem