Italiýadaky «Appian» ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
03 Awgust
Italiýadaky «Appian» ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Italiýadaky «Appian» ýolunyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky karar guramanyň Bütindünýä mirasy boýunça komitetiniň Nýu-Delide geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Bu ýol Gadymy Rimiň respublikan döwründe (miladydan öňki 312-nji ýyl) gurlup, ony guran hökümdar Appiýus Klaudiý Kekusyň adyny göterýär. Bu ugurda Gresiýa, Müsür we Kiçi Aziýa bilen aragatnaşyk ýola goýuldy.

Rimiň «Appian» ýolunyň bir bölegi arheologiki seýilgähe girýär. Onuň bilen birlikde respublikan we imperiýa döwründen galan guburlar we willalar bar.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gözel ýerleriň we sungat eserleriniň sany boýunça Italiýa birinji orny eýeleýär. «Мир24-iň» habar bermegine görä, «Appian» ýoly sanawa girizilen 60-njy miras boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem