16 müň dollarlyk täze «Toyota Starlet Cross» krossoweri hödürlendi
03 Awgust
16 müň dollarlyk täze «Toyota Starlet Cross» krossoweri hödürlendi

«Fronx» we «Baleno» modelleri bilen bir derejedäki «Toyota Starlet Cross» krossoweri görkezildi.

Awtoulagyň uzynlygy 3995 mm, tigir binýady 2520 mm. Bu nusga 105 at güýjüne barabar bolan kuwwata eýelik edýän 1,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisini aldy. Ol 138 Nm öwrüm mümkinçiligi, şeýle hem 5 tizlikli el bilen geçirişi ýa-da 4 tizlikli gidrawliki awtomatiki geçirijisi bilen tapawutlanýar.

«Toyota Starlet Cross» kysymly ulagyň binýatlyk nusgasy garyndy disklerindäki 16 dýuýmlyk tigir, LED optika, 7 dýuým ekranly multimediýa, yzky kamera, gezelenç gözegçiligi we frontal howpsuzlyk howa ýassygy bilen üpjün edildi.

Has gymmat nusga 9 dýuýmlyk multimediýany, ählitaraplaýyn görmek ulgamyny, perdeleri we gapdal howa ýassygyny, galyberse-de, smartfon üçin geçirijisiz energiýa beriş mümkinçiligini özünde jemleýär.

«Toyota Starlet Cross» nusgasynyň bahasy Günorta Afrikada 16 000 dollardan başlanýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem