Howa we demir ýol menzillerinde ýolagçylaryň hereketlerini çaltlandyrmak üçin döredilen elektrik hereketlendirijili çemodanlaryň meşhurlygy Ýaponiýanyň häkimiýetlerini alada goýdy. Bu barada «Kyodo News» habarlar agentliginiň maglumatyna salgylanýan «Большая Азия» habar berýär.
Daşary ýurtly myhmanlar öz ýurtlarynda çemodanda arkaýyn hereket edip bilýändiklerine esaslanyp, olary Ýaponiýanyň köpçülikleýin ýerlerinde hem arkaýyn ulanýarlar. Şeýle-de bolsa, bu ýerde çemodanlar «hereketlendirijili welosipedler» hökmünde hasaplanýar we sürüjilik şahadatnamasynyň hem-de howpsuzlyk enjamlarynyň bellige alynmagy talap edilýär.
Iýun aýynda polisiýa Osakanyň köçelerinde üç tigirli çemodana münen hytaýly zenany tussag etdi. Ygtyýarnamasyz sürenligi üçin onuň kazyýet işi ilkinji bolup prokuratura geldi. Iýul aýynyň başynda bolsa indoneziýaly bir oglan Osakanyň iň köp adamly söwda merkezleriniň biri bolan Dotonboride çemodanynda pyýada märekäniň arasynda hereket etdi. Ene-atasy, öz ýurtlarynda islendik ýere sürüp bolýandygyny aýdyp, ogullarynyň ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygyna gaty geň galdylar.
Elektrik çemodanlarynda batareýa, elektrik hereketlendirijisi bar we sagatda 10 kilometre çenli tizlige ýetip biler. Olar birneme arzan we amatly bolup, Aziýanyň köp ýurtlarynda meşhur.
Ýaponiýanyň iki esasy howa menzili ýolagçylardan öz meýdançalarynda elektrik çemodanlaryny ulanmazlygy haýyş etdi we polisiýa ýerli satyjylara hem-de söwdagärlere müşderilerine ýol hereketiniň düzgünleri barada duýduryş bermegi tabşyrdy.