Ispaniýa tahograflara uzakdan gözegçilik etmek üçin ilkinji enjamlary satyn aldy
05 Awgust
Ispaniýa tahograflara uzakdan gözegçilik etmek üçin ilkinji enjamlary satyn aldy

Kataloniýanyň çäk bölümi agyr ýolagçy we ýük ulaglaryny barlamak üçin, ýagny tahograflaryň bardygyny anyklamaga we sürüjileriň kanuny iş hem dynç alyş standartlaryna laýyklygyny gözegçilikde saklamaga ukyply ýokary tehnologiýaly enjamlaryň 8-sini satyn aldy. Bu barada «transportealdia.es» portalynda çap edilen habara salgylanýan «Логист.Today» habar berýär.

Tahograflary uzakdan barlamak üçin enjamlar (DSRC antennasy) käbir Ýewropa ýurtlarynda eýýäm ulanylýar, ýöne olar Ispaniýada täze ulanylyp başlanar. Bu çäre agyr ulaglar pudagynda sosial, daşky gurşaw we ykdysady nukdaýnazardan, durnukly bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, Ulag we mobillik boýunçabaş müdirlik hem-de Çäk departamenti tarapyndan öňe sürlen gözleg işlerini sanlaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir, şeýle hem kataloniýa köçelerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyna uly goşant bolar.

Ulag we hereket boýunça baş direktor Oriol Martori-i-Gallissa enjamlary Katalon polisiýasynyň ulag bölümine (Mossos d'Esquadra) gowşurdy. Geçiriş dabarasy Martorelliniň üsti bilen geçýän AP7 awtoulag ýolunda geçirildi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem