Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi täzelendi
07 Awgust 2024
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimini wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä täze häkimi bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi:
Ýazgulyýew Gurbanmyrat Jumamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
***
Begenç Durdymyradowiç Taýyrowy Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
şeýle hem okaň: