Importyň ornuny tutjak «MC-21» uçarynyň kabinasy «Boeing 737-den» has giň we penjireleri «Airbus A320-den» 30% uly bolar
07 Awgust
Importyň ornuny tutjak «MC-21» uçarynyň kabinasy «Boeing 737-den» has giň we penjireleri «Airbus A320-den» 30% uly bolar

«За рулем» saýtynyň baş redaktory Maksim Kadakow «МС-21» uçarynyň salony barada gürrüň berdi.

Men hil babatda aýtmakçy däl, ýöne bu uçar köp babatda has oýlanyşykly ýasalypdyr. Mysal üçin, penjireler «Airbus A320-den» 30% uly. Uçuş wagtynda gulagyň dykylmagyny azaltmak üçin niýetlenen kabina ýokary basyşda (1800 metr belentlige laýyk) saklanar —diýip, Maksim Kadakow belledi.

Ol sözüniň üstüni howa gämisiniň giň bolmagynyň bir hatarda alty adamyň oturmagyna mümkinçilik berjekdigi we geçelgede iki ýolagçyny ýa-da aşhana arabasyny sürýän bir adamy ýerleşdirip boljakdygy hakyndaky maglumat bilen ýetirdi.

Şol bir wagtyň özünde bolsa «МС-21» uçarynyň ýelkeniniň ini 4,06 m bolup, bu «Boeing 737-den» 30 sm, «Airbus A320-den» 11 sm uly.

«Ýakowlew» köpçülikleýin paýdarlar jemgyýetiniň inženerlik merkeziniň deslapky dizaýn bölüminiň başlygy importyň ornuny tutýan «МС-21» uçarlarynyň uçuş synaglarynyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli guraljakdygyny aýtdy. Onuň önümçilik hyzmatdaşlygyna 20 müňden gowrak kärhana gatnaşýar. Importyň ornuny tutýan «МС-21» uçary üçin esasy üpjün edijileriň 56-sy saýlandy.

Uçar ses derejesiniň peselmegi, kiçi hajathana we has uly oturgyçly antropometrik kabina eýe boldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem