Hytaý awtomobilleriň eksporty boýunça Ýaponiýadan hem öňe geçdi
07 Awgust
Hytaý awtomobilleriň eksporty boýunça Ýaponiýadan hem öňe geçdi

Hytaýyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň habaryna görä, Hytaýyň awtoulag öndürijileri şu ýylyň birinji ýarymynda 2,793 million awtoulagy daşary ýurtlara eksport etdiler. Munuň özi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 31% köpdür.

31-nji iýulda Ýaponiýanyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasy tarapyndan ýaýradylan maglumatlar 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýaponiýanyň awtoulag eksportynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, birneme pes bolup, 2,01 million birlige ýetendigini görkezdi.

2023-nji ýylda dünýäde iň uly awtoulag eksportçysy bolmak üçin Ýaponiýadan öňe geçen Hytaýyň awtoulag pudagy 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýene-de Ýaponiýany yzda galdyrdy. 2023-nji ýylda Hytaý 4,91 million ulagy eksport etmek bilen, ilkinji gezek şol wagta çenli dünýäde iň uly awtoulag eksportçysy hasaplanan Ýaponiýadan öňe geçdi. Ýaponiýa geçen ýylyň dowamynda 4,42 million awtoulagy eksport etdi.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem