«KamAZ» hiliň üstünde düýpli işledi: Importyň ornuny tutýan «KamAZ-54901» boýunça şikaýat ýok
07 Awgust
«KamAZ» hiliň üstünde düýpli işledi: Importyň ornuny tutýan «KamAZ-54901» boýunça şikaýat ýok

2023-nji ýylda importyň ornuny tutýan «KamAZ K5» ýük awtoulagyna (model 54901) köp nägilelik bildirilipdi. Şondan soň «KamAZ» gyssagly ýerli komponent binýadyna geçdi. «KamAZ» köpçülikleýin paýdarlar jemgyýeti ylmy-tehniki merkeziniň awtoulaglar boýunça degişli gullugynyň başlygy Igor Waleýewiň aýdyşy ýaly, ähli meseleler yzda galdy: kompaniýa 2024-nji ýylyň martyndan soň — bu nusga öndürilip başlaly bäri sarp edijilerden ýekeje-de arz-şikaýat almady.

«Häzirki wagtda — önümçilige täzeden başlanyndan soň sarp ediji taraplardan arzalaryň ýa-da talaplaryň ýokdugyny görýäris» — diýip, Igor Waleýew belledi.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan şu güne çenli «KamAZ-54901» kysymly ulaglaryň 3067-si ýygnandy. Zawod «K5» nesliniň modelleriniň gerimini giňeltmek boýunça işini dowam etdirýär: «KamAZ-54902» we «KamAZ-65658» modelleriniň köpçülikleýin önümçiligi başlanýar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem