Rowaýata öwrülen ulag gaýdyp gelýär: «Mitsubishi Pajero Full» işlenip başlandy
07 Awgust
Rowaýata öwrülen ulag gaýdyp gelýär: «Mitsubishi Pajero Full» işlenip başlandy

«Mitsubishi» «Ýolsuz ýerde hereket edýän ulaglaryň şasy» hasaplanýan «Mitsubishi Pajero Full» ulagynyň täze nusgasynyň eýýäm işlenip başlanandygyny tassyklady.

«Mitsubishi Australia» kompaniýasynyň baş direktory Şon Uestkott bu awtoulagyň «diýseň gymmatly ady bolan ajaýyp önümdigini» aýtdy. Muňa garamazdan, kompaniýa täze önüm baradaky giňişleýin maglumatlary heniz gizlin saklaýar.

«Mitsubishi» tarapyndan hödürlenen täze ulag 2013-nji ýylda çykan «GC PHEV» nusgasy ýaly, «diýseň haýbatly» bolup, nusgawy ugurlary utgaşdyryp biler. «Pajero Full» başga bir nusga — retro stiline hem eýerip biler.

Täze «Mitsubishi Pajero Full» nusgasynyň indiki «Outlander» ugrunyň platformasyny ulanmagyna garaşylýar. Munuň özi ähli «Renault-Nissan» topary tarapyndan ulanylýan «CMF-C/D» arhitekturasynyň ösüşidir. Platforma ulagyň gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän elektrikleşdirmegi goldaýar.

Täze «Pajero Full» ulagynyň resmi görkezilişiniň 2026-njy ýylyň ahyrynda guralmagy meýilleşdirilýär we satuw 2027-nji ýylda başlanar. Iň soňky «Pajero Full» modeli 2021-nji ýylyň gurnama ugrundan çykypdy. 40 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ulagyň dünýäde takmynan 3,3 million birligi satyldy.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem