«GAC Toyota» bilelikdäki kärhanasy iýul aýynda Hytaýda 59 118 awtoulagyň satylandygyny habar berdi. Şonuň 53,2 göterimi gibrid ulaglarydyr. Bu netije kompaniýanyň awtoulaglarynyň 2023-nji ýylyň iýulynda satylan sanyndan 17,1% pesdir.
Şonuň üçin hem, kompaniýa arzanladyşlar bilen satuwy höweslendirmek kararyna geldi: gönüden-göni arzanladyş — 3,5 müň dollara çenli we «trade-in» üçin arzanladyş — 2,8 müň dollara çenli bolar. Umuman, bu ýerden awtoulag satyn alanyňyzda 6 müň dollardan gowrak serişdäni tygşytlap bilersiňiz.
Iýul aýynda «Toyota Camry» awtoulagynyň satuwy 13 179 birlik bolup, gibridleriň paýy 72,6 göterime ýetdi. «Toyota Sienna» miniweniniň satuwy 8320, «Highlander» krossoweriniňki bolsa 6158 birlik boldy.