«BYD» önümleriniň düzümine täze modelleriň ikisini goşýar
08 Awgust
«BYD» önümleriniň düzümine täze modelleriň ikisini goşýar

«BYD» täze modelleriň ikisiniň önümçiligine başlaýandygyny yglan etdi: «Seal 07 DM-i» we «2025 Seal».

«Seal 07 DM-i» 1,5 litrlik ýa-da 1.5T hereketlendirijini saýlap almak mümkinçiligini özünde jemleýän gibrid elektrik ulagydyr (PHEV). Dwigateller elektrik hereketlendirijileri bilen bilelikde iki kuwwat görnüşini — 160 kWt we 200 kWt nusgalaryny hödürleýär. Gibrid ulgamyň batareýalary ähli elektrik düzgüninde 100 kilometre çenli ätiýaçlygy üpjün edýär.

«2025 Seal» modeli bolsa täze daşky reňk aýratynlyklaryny we interýeriniň üýtgeşmelerini goşmak bilen, häzirki modeliň üstünde işlenen nusgasydyr. «2025 Seal» modeliniň täze aýratynlyklar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna garaşylýar. Muňa garamazdan, olar heniz dolulygyna yglan edilmeýär.

BYD öndürijiligi we energiýa beriş netijeliligini optimizirlemek üçin iki modelde hem iň täze iň döwrebap tehnologiýalary ulanýar. «Seal 07 DM-i» bäşinji nesil DM tehnologiýasyny, «2025 Seal» bolsa «3.0 Evo» elektron platformasyny alar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem