«Xiaomi» döwrebäp ýel berijisini hödürlenýär: çalt we kuwwatly
08 Awgust
«Xiaomi» döwrebäp ýel berijisini hödürlenýär: çalt we kuwwatly

«Xiaomi» ýel nasosynyň täze neslini — «Mijia Tire Inflator 2 Pro» tehnologiýasyny hödürledi. Bu önüm geçen ýyl işe girizilen önümden has kämilleşdirildi.

Täze enjam awtoulaglaryň tekerlerini, futbol toplaryny, welosipedleriň tigirlerini, düşekleri we başgalary çişirmek üçin ýokary tizlikli howany hödürleýär. Göçme nasosyň köne nusgasy 123 x 75.5 x 45,8 mm ölçegde bolsa, täze model ondan has uly: 152 x 100 x 63.

Öndüriji täze «Mijia» nasosynyň tekeri (2,0-dan 2,5 bar) bary-ýogy 45 sekuntda çişirip biljekdigini öňe sürýär, öňki nusgada bolsa munuň üçin 2 minut gerekdi. Boş tekeriň çişmegi, öňki modeldäki 8 minut bilen deňeşdirilende, has kämildigi bilen tapawutlanýar. Ol bary-ýogy 3,5 minut alýar. Nasosda 2500 mAh batareýa bar. Ol energiýa bilen doly üpjün edilen wagty 3-7 teker çişirip bilýär. Şeýle hem basketbol topuny 138 gezek çişirmek mümkinçiligine eýelik edýär. Nasos awtoulaglar, motosikller, welosipedler, elektrik skuterleri we toplar üçin deslapky mümkinçilikler bilen hödürlenýär. Şeýle hem ony belli bir basyş çägine ýetende saklanar ýaly düzüp bilersiňiz.

Tehnologiýanyň bahasy — 35 dollar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem