«Nissan» kompaniýasynyň awtoulaglaryny netijeli sowadyş üçin amatly boýaglar bilen hödürlener
08 Awgust
«Nissan» kompaniýasynyň awtoulaglaryny netijeli sowadyş üçin amatly boýaglar bilen hödürlener

«Nissan» sowadyjylyk täsiri bilen tapawutlanýan awtoulag boýagyny oýlap tapdy. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugy habar berdi. Şeýle örtügiň häzire çenli diňe binalary boýamak üçin ulanylandygy bellendi.

«Radi-Cool» bilen bilelikde döredilen täze boýag gün şöhlelerini gaýtaryp, ýylylyk energiýasynyň awtoulagyň içine girmeginiň öňüni alýar. Şunuň netijesinde hem, awtoulagyň üstki temperaturasy adaty örtük bilen deňeşdirilende 12 gradus, salony bolsa 5 gradus peselýär. Munuň özi sowadyş ulgamynyň we elektrik gurluşynyň iş ýüküni azaldýar.

Mundan başga-da, boýag ýiti ebaplaryň degmegi, daşky örtüge zelel ýetmegi we çyzylmak howpy ýaly dürli zeperlere durnuklydyr.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem