Germaniýanyň hökümeti Ýewropa Komissiýasynyň agyr ýük ulaglarynyň göwrümi we agramy baradaky ÝB resminamasyna üýtgetme girizmek baradaky teklibi bilen razylaşmaýar. «Логист.Today» bu barada «verkehrsrundschau.de» portalynda çap edilen materiallardan öwrendi.
Parlament toparynyň haýyşyna jogap hökmünde Federal hökümet ulagyň 12,5 tonna çenli bolan ýüki götermek üçin niýetlenen okuna has uly agram düşmeginiň, az zyňyndylary bölüp çykarýan ulaglarda bolsa ulagyň umumy agramynyň dört tonna ýokarlanmagynyň «infrastruktura sebäpleri bilen baglylykda goldanylmajakdygyny» aýtdy.
Hökümetiň nukdaýnazaryndan, agramyň ýokarlanmagy köprüleriň howpsuzlyk derejesine çynlakaý täsir eder we agyr netijelere getirer. Ulagyň beýikliginiň 4 metrden 4,3 metre çenli ýokarlanmagyny hem tassyklap bolmaýar. Sebäbi ýerasty ulag geçelgeleri, şol sanda köpri geçelgelerindäki howa çalşygy üçin niýetlenen tehniki enjamlar şeýle beýiklikdäki ulaglar üçin niýetlenmedikdir. Şeýle hem nemes hökümeti bu görkezmäniň üýtgedilmeginiň federal awtoulag ýoluna, esasan hem, sebit ýol ulgamyna täsir etjekdigini mälim etdi.
Ýeri gelende ýatlasak, bir ýyl ozal Ýewropa Komissiýasy alternatiw sürüjilere geçişi çaltlaşdyrmak üçin çäreler toplumyny taýýarlapdy.