Stambulda dünýäniň Merkezi Aziýa boýunça iň uzyn rallisi başlandy
09 Awgust
Stambulda dünýäniň Merkezi Aziýa boýunça iň uzyn rallisi başlandy

Stambulyň Soltanahmet meýdançasynda dünýädäki iň uzyn ralli bäsleşigi başlandy. «Bolşaýa Aziýanyň» habar bermegine görä, oňa gatnaşyjylar öz ýoluny Mongoliýanyň paýtagty Ulan-batorda tamamlarlar.

Bäsleşik Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen «Dostluk we parahatçylyk Gündogar-Günbatar» ralli assossasiýasy tarapyndan guralýar.

Ralliniň açylyş dabarasynda çykyş eden assosiasiýanyň prezidenti Nadir Serin bäsleşige Türkiýe ýaly ýedi ýurtdan 30 awtoulag sürüjisiniň gatnaşjakdygyny aýtdy. Gatnaşýanlar Eýranyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň üsti bilen uzaýan ýollardan parran geçerler we olaryň ýörişi Mongoliýada tamamlanar. Nadir Serin olaryň ugrunyň Merkezi Aziýanyň üsti bilen üçünji ugra uzajakdygyny tassyklady.

Ralli 28-nji awgustda tamamlanar.

Çeşme:"Türkmenawtoulaglary" agentligi

Şeýle hem